Türkmen-owgan elektrik energiýa kompaniýalary bilelikdäki taslamalara garadylar

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmen-owgan elektrik energiýa kompaniýalary bilelikdäki taslamalara garadylar
Gepleşiklerde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan we 500 kilowoltly Andhoý-Şeberghan-Pole-Humri ýaly elektrik geçiriji taslamalaryna hem-de Nur-ul-Jehad podstansiýasynyň gurluşygyna garadylar.

Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy (DABS) bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilelikdäki taslamalar ýaly köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça üç günlük giňişleýin gepleşikleri geçirdi. Owganystanda geçirilen gepleşiklere Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasy hem gatnaşdy. Bu barada DABS geçen penşenbe güni mälim etdi.

Gepleşiklerde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan we 500 kilowoltly Andhoý-Şeberghan-Pole-Humri ýaly elektrik geçiriji taslamalaryna hem-de Nur-ul-Jehad podstansiýasynyň gurluşygyna garadylar. Duşuşygyň dowamynda birnäçe meseleler boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

DABS-yň resmileri Nur-ul-Jehad podstansiýasynyň enjamlarynyň üpjünçiligi barada maglumat berdiler. DABS-yň aýtmagyna görä, bu podstansiýa bir hepdäniň dowamynda durmuşa geçiriler we gurlup ulanylmaga berlenden soňra Türkmenistandan Owganystana 100 megawat elektrik energiýasy eksport ediler.

Duşuşygyň ahyrynda DABS, “Türkmenenergo” we “Çalik Holding” bilelikdäki teswirnama gol çekdiler we ähli taraplar möhüm ykdysady taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

2022