TNGIZ ýanwar-iýun aýlarynda 811 müň tonnadan gowrak awtobenzin öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZ ýanwar-iýun aýlarynda 811 müň tonnadan gowrak awtobenzin öndürdi
TNGIZ-da 469 müň tonna A-95 görnüşli awtobenzin öndürildi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (TNGIZ) şu ýylyň geçen alty aýynda 811 müň tonnadan gowrak awtobenzin öndürildi.

Balkan welaýatynda ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawod degişli döwürde awtobenzin öndürmek boýunça meýilnamasyny 208 müň tonnadan artyk ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Şu ýylyň geçen alty aýynda TNGIZ-da 469 müň tonna A-95 görnüşli awtobenzin, 278 müň tonna A-92 görnüşli awtobenzin we 64 müň tonna töweregi A-80 görnüşli awtobenzin öndürildi.

Degişli döwürde Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän zawodda 2 million 389 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Zawodyň önümçiliginde 20-den gowrak dürli ýangyç we nebithimiýa önümleri bardyr.

TNGIZ Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) bir bölegidir. TNGIZT-iň düzümine Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) hem girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022