Ýaşlyk keramzit zawody alty aýda 31,9 müň kubmetr keramzit öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýaşlyk keramzit zawody alty aýda 31,9 müň kubmetr keramzit öndürdi
Kärhananyň önümçilik meýilnamasy ýylyň ilkinji alty aýynda üstünlikli ýerine ýetirildi.

Ahal welaýatyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ýaşlyk keramzit zawody ýanwar-iýun aýlarynda 31,9 müň kubmetr keramzit öndürdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kärhananyň önümçilik meýilnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemäge we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge hem-de keramzit önümçiligini has-da artdyrmaga şert döredýär.

Ýaşlyk keramzit zawody Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolup, ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýan öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanylýar.

2022