Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda 19,3% ýokarlandy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.
Degişli döwürde Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 112 million 500 müň ABŞ dollaryna ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 94 million 300 müň ABŞ dollaryna deň bolupdy.
Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 102 million 200 müň ABŞ dollaryna ýetip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,6% ýokarlandy.
Şeýle hem, şu ýylyň geçen alty aýynda 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Türkmenistanyň Gruziýadan importy 52% ýokarlanyp, 10 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistan 2021-nji ýylda nebit önümleri bilen Gruziýany esasy üpjün ediji ýurt boldy.