Türkmenistanda 6-njy awgustda gurluşyk sergisi we ylmy-amaly maslahat geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 6-njy awgustda gurluşyk sergisi we ylmy-amaly maslahat geçiriler
Geçiriljek çärelere ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň, daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşarlar.

Türkmenistanda şu ýylyň 6-njy awgustynda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara serginiň hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu çärelere ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň, daşary ýurtlaryň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de köpugurly ösdürilmegine, baý tebigy serişdeleriň işjeň ulanylmagyna we sebitleriň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde wajyp orun eýeleýändigine ünsi çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022