Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow şenbe güni Aşgabatda Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrysiak bilen geçirilen duşuşygyň barşynda bankyň Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk Strategiýasyna garadylar. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda Muhammetgeldi Serdarow, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza hökmünde goşulyşmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde AÖB bilen hyzmatdaşlygyň oňaýly boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, telekeçiligi goldamak we maliýe-bank ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetli boljakdygyny bellenildi.
Artur Andrysiak öz gezeginde häzirki wagtda Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Strategiýanyň işlenip taýýarlanýadygyny aýdyp, bu ugurda ministrligiň maslahatlarynyň möhümdigini belledi.
Ministr türkmen tarapynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) Institutynyň taslamalarynyň alyp barýan maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga açykdygyny belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda işleşmäge taýýardyklaryny aýtdy.
Artur Andrysiak Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) synçy derejesini almagy bilen gutlady. AÖB-niň Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagy üçin 2019-njy ýyldan bäri goldaw berýändigini aýdyp, Andrysiak bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändigini belledi.