“Derýaýollary” geçen alty aýda 378 müň tonnadan gowrak ýük daşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Derýaýollary” geçen alty aýda 378 müň tonnadan gowrak ýük daşady
Kärhana boýunça alty aýyň dowamynda diňe ýük daşamak boýunça 1 million 346 müň 700 manatlyk iş edildi.

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýük daşaýjy gämiler we suw üsti ponton geçelgesi arkaly 378 müň 100 tonna ýük daşaldy.

Şeýlelikde, kärhana boýunça alty aýyň dowamynda diňe ýük daşamak boýunça 1 million 346 müň 700 manatlyk iş edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Derýaýollary” AGPJ-sy tarapyndan Amyderýada Mukry – Türkmenabat ugry boýunça gurluşyk işleri üçin zerur bolan inert materiallaryny, Garagum derýasynda hem Topurkak – Zeýd ugry boýunça bugdaý daşamak işleri amala aşyrylýar.

Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ol paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

2022