Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu köpri Gazagystan serhedine çenli barýan Türkmenbaşy-Garabogaz awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň gurluşygyny Ukrainanyň “Altkom” gurluşyk kompaniýasy alyp barar.
Ukrainanyň gurluşyk kompaniýasy köpriniň eltiji ýollaryny hem gurar.
Awtomobil köprüsini hem-de onuň eltiji ýollaryny 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar ediler.