Türkmenbaşyda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag forumy geçiriler

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenbaşyda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag forumy geçiriler
Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek forum 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň tapgyrlaryndan biridir.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde şu ýylyň 15-16-njy awgustynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahat geçiriler.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar berşine görä, bu halkara maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda (BMG) Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurnalýar.

Bellenilişi ýaly, 30-dan gowrak döwletleriň wekiliýetleri, şeýle hem 30-dan gowrak halkara we ýöriteleşdirilen guramalaryň, şol sanda BMG-nyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA ýaly birnäçe bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary foruma gatnaşýandyklaryny tassykladylar.

Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek forum 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň tapgyrlaryndan biridir.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-nyň Baş Assambleýasy 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda ylalaşyk esasynda durnukly ulag we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky kararnamalaryny kabul etdi.

2022