“LC Waikiki” Türkmenistanyň welaýatlarynda öz dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär

BIZNES TURKMENISTAN
“LC Waikiki” Türkmenistanyň welaýatlarynda öz dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär
“LC Waikiki”-niň Türkmenistandaky ilkinji dükany “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde açyldy.

Aşgabat şäherindäki “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde şu ýylyň 13-nji maýynda Türkiýäniň “LC Waikiki” kompaniýasynyň ilkinji dükanynyň resmi açylyş dabarasy geçirldi.

Şunuň bilen baglylykda, “Biznes Türkmenistan” internet neşiri “LC Waikiki” kompaniýasynyň Franşiza amallary boýunça baş direktorynyň orunbasary Fatih Aral bilen söhbetdeş boldy.

“LC Waikiki” haryt nyşanyna Türkiýede, şol sanda daşary ýurtlarda müşderiler tarapyndan köp isleg bildirilmeginiň esasy sebäpleri näme?

“LC Waikiki” hökmünde 1997-nji ýyldan bäri “Hemme adam gowy geýinmäge mynasyp” şygary astynda müşderilerimize elýeterli bahalardan ýokary hilli önümleri üpjün etmek üçin işleýäris. Häzirki wagtda 4 yklymyň 56 ýurdunda ýerleşýän 1200 töweregi dükanymyzyň üsti bilen müşderilerimize harytlarymyzy ýetirýäris. Dükanlarymyzda hepdede takmynan 13 million müşderini kabul edýäris we ýylda 520 million önüm satýarys. Işleýän ýurtlarymyzyň 22-siniň bazarlarynda öňdebaryjy orny eýeläp, Ýewropada bolsa iň iri 6-njy egin-eşik haryt nyşany bolup durýarys. Biziň maksadymyz ýakyn ýyllarda ilkinji üç egin-eşik satyjy kompaniýalaryň hataryna girmekden ybaratdyr.

Daşary ýurtlarda haryt nyşanymyza bolan uly talaplaryň iň möhüm sebäplerinden biri hem biziň “dükan strategiýamyzdyr.” Ilki bilen, sarp edijileriň satyn almak we söwda endikleriniň Türkiýedäki sarp edijiler bilen meňzeş bolmagyny göz öňünde tutup, Türkiýä geografiki taýdan has ýakyn ýurtlarda dükan açmagy makul bildik. Dükanlarymyzy Türkiýä ýakyn geografiýalarda açmagymyz bize işe başlan günümizden başlap kemçiliklerimizi görmek, müşderilerimiziň söwda endiklerine aňsatlyk bilen jogap bermek we toparlarymyzy dürli ýurtlardaky şertler boýunça işlemäge taýýarlamak üçin mümkinçilik berdi diýip bilerin.

Ilki bilen, daşary ýurtlarda açmagy meýilleşdirýän dükanlarymyzyň ýerleşjek ýerlerine ähmiýet berýäris. Daşary ýurtlarda açjak her täze dükanymyzyň ýerleşýän ýerini kesgitlemekde oýlanyşykly hereket edýäris. Dükanlarymyzyň söwda merkezleriniň näçenji gatynda ýa-da köçäniň haýsy tarapynda ýerleşjekdigi biziň üçin gaty möhümdir.

“LC Waikiki” hökmünde demirgazyk we günorta ýarym şarlarda dükanlarymyz bar. Bir ýurtdaky müşderileri öwrenmek boýunça geçirýän okuwlarymyz, şol ýurtda dükan açmagymyz üçin örän möhüm bolup durýar. Sebäbi her bir ýurduň özboluşly medeniýetini, ýaşaýyş derejesini we endiklerini göz öňünde tutmaly bolýarys. Munuň üçin, önüm dükana girmezden ozal, model we bahany kesgitlemek tapgyryndan başlap, satuwdan soň hem dowam edýän müşderini öwrenmek prosesini alyp barýarys. Biziň merkezi edaramyzda Müşderileriň düşünjeleri atly bölümimiz we ähli dükanlarymyzda merkezi edaramyz bilen hemişe göni aragatnaşyk saklaýan Önümleriň satuwy boýunça dolandyryjylary bar. Şol bir wagtyň özünde, sarp edijileriň söwda endiklerini öwrenýäris we dükanlarymyzda ýerleşdirjek önümlerimizi şol ýurduň tendensiýalaryna we moda düşünjesine laýyklykda kesgitleýäris. Bu işi ýerine ýetirenimizde, ozalky satuw maglumatlarymyzdan peýdalanyarys, şeýle hem bazar şertlerine üns bilen gözegçilik edýäris.

Häzirki wagtda daşary ýurtlarda näçe şahamçaňyz bar? Geljekde daşary ýurtlardaky dükanlaryňyzyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýärsiňizmi?

Häzirki wagtda daşary ýurtlarda 600-den gowrak dükanymyz bar. 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýene-de 9 ýurtda işe başlamagy we jemi 150 täze dükan açmagy maksat edinýäris. Geçen ýyl 8 täze ýurta işe başlap, şol ýurtlarda 100-den gowrak täze dükan açdyk. Şol bir wagtyň özünde, Günorta Amerika ýurtlary bolan Peruda we Ekwadorda-da täze dükanlar açyp, bu yklymdaky ilkinji türk markasy bolduk.

Şeýle hem, dükanlarymyzyň tutýan meýdanlaryny giňeltmegi, saýlanan ýurtlarda köpugurly satuw tejribesini ýokarlandymagy, şol ýurtlarda elýeterli bahalardan önümleri hödürlemegi maksat edinýäris. Sarp edijiler bilen netijeli gatnaşyklar gurup, bazarlarda ödebaryjylygy saklap gelýän ýurtlarymyzda işimizi we hyzmatdaşlygymyzy has-da kämilleşdirmegi meýilleşdirýäris.

Bir ýurtda dükan açmak üçin geçirýän bazar boýunça gözlegleriňizde üns merkezinde saklaýan esasy ölçegleriňiz haýsylar?

Daşary ýurtdaky dükanlara maýa goýmazdan ozal gözden geçirýän we çözgütlerimize täsir edýän käbir ölçeglerimiz bar. Ykdysady we ilat taýdan belli bir derejä ýeten ýurtlarda, degişli ýurtlardaky kanunçylygyň we “LC Waikiki”-niň gymmatlyklarynyň biri-birine gabat gelýändigine, bazaryň ýagdaýyna, dükanyň ýerleşjek ýeriniň amatlylygyna we adam resursyna üns berýäris. Mundan başga-da, ýurduň gümrük salgyt kanunçylygyny we walýuta düzgünlerini seljerip, degişli ýurtda maýa goýmak boýunça çözgüt kabul edýäris. Kanunlary we düzgünleri sebäpli ýurtlaryň bazarlaryna özbaşdak girip bolmaýandygy üçin, biz franşiza hyzmatdaşlarymyz bilen iş alyp barýarys.

Täze ýurtlarda täze dükanlary açmak üçin iň möhüm maglumat geçen döwürlerde dürli bazarlarda ýüze çykan kynçylyklar we gazanan üstünliklerimiz baradaky maglumatlar bolup durýar. Bu maglumatlar täze ýurtlarda täze dükanlary açanymyzda bize ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Täze bazarlara girmezden ozal, şol ýurtdaky müşderileri diňleýäris we seljerýäris. Olaryň talaplarynyň biziň meýilnamalarymyz bilen gabat gelýändigine ýa-da gelmeýandigine seredýäris. Şunuň bilen baglylykda, olaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin öz mümkinçiliklerimizi gözden geçirýäris.

Türkmenistan bazaryndaky mümkinçiliklere bolan garaýşyňyz? Ýurduň dürli künjeklerinde täze dükanlary açmak boýunça meýilnamaňyz barmy?

Şu ýylyň maý aýynda biziň üçin hem täze bazar bolan Türkmenistan bazaryna girdik. Biz ýurtdaky maýa goýumlarymyzy bäş ýyla çenli ýaýbaňlaşdyrdyk we Asgabatdaky “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde ilkinji dükanymyzy açdyk. Dükanymyz açylan gününden başlap müşderilerimizde uly gyzyklanma döretdi. Müşderilerimiziň önümlere hem-de hyzmatlara hoşallyk bildirmekleri we gysga wagtyň içinde gazanan oňyn netijelerimiz ýurtdaky maýa goýum islegimizi artdyrdy. Gelejekde-de Aşgabatda täze dükanlary açmaga dowam ederis. Mary, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde-de täze dükanlar açyp, müşderilerimize elýeterli bahadan ýokary hilli önümleri hödürlemegi maksat edinýäris.

2022