Türkmenistanda nebit-gaz boýunça XXVII halkara forum geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda nebit-gaz boýunça XXVII halkara forum geçiriler
OGT 2022 Halkara ylmy maslahaty, 2022-nji ýylyň 23-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Şu ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022” XXVII halkara  forum geçiriler.

Forum “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalar bilen bilelikde gurnalýar. Bu barada “Turkmen Forum” mälim etdi.

“Turkmen Forumyň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, halkara ylmy konferensiýa daşky gurşawa zyňyndylary azaltmagyň ähli taraplary we ýaşyl energiýa tehnologiýalary boýunça tejribe hem-de gözleg netijelerini paýlaşmak üçin öňdebaryjy bilermenleri, gözlegçileri we energiýa pudagyndaky hünärmenleri birleşdirmek üçin geçirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek forumyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki soňky global we sebitleýin tendensiýalar, sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek we täze gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahata Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet guramalarynyň wekilleriniň, öňdebaryjy halkara guramalarynyň, şeýle hem iri halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu çäre adaty we onlaýn görnüşde geçiriler.

2022