“Lebapgazçykaryş” 7 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi

BIZNES TURKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” 7 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi
“Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan ilata berlen tebigy gazyň möçberi 1 milliard 94,2 million kubmetrden gowrak boldy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan şu ýylyň geçen ýedi aýynda tebigy gazyň 7 milliard 214,6 million kubmetrden gowragy gazylyp alyndy. Şeýlelikde, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, hasabat döwründe ilatly ýerleri tebigy gaz bilen üpjün etmek maksady bilen, welaýatda dürli basyşly  gaz geçirijileriniň 8 müň 284,3 kilometrden gowragy çekildi.

Şeýle-de “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan ilata berlen tebigy gazyň möçberi 1 milliard 94,2 million kubmetrden gowrak boldy.

Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda täze gaz geçirijileriniň 31,6 kilometre golaýy çekilip, bu işde maýa goýum serişdeleriniň 17,7 million manatdan gowragy özleşdirildi.

 “Lebapgazçykaryş” müdirligi 2022-nji ýylyň birnji çärýeginde mawy ýangyjyň 2 milliard kubmetrden gowragyny Hytaýa eksport etdi.

Geçen ýyl müdirlik tarapyndan 12 milliard 400 million kubmetr tebigy gaz öndürildi.

2022