Lebap welaýatynyň çägindäki dokma fabrikleriniň dördüsinde şu ýylyň geçen ýedi aýynda 13 müň 124 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşine görä, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 197 million 267 müň 656 manatlyk nah ýüplük öndürilip, onuň 101 million 330 müň 297 manatlygy eksporta iberildi.
2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda eksporta iberilen nah ýüplügiň möçberi 6 müň 181 tonnadan geçdi.
Bellenilişi ýaly, fabriklerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar.
Türkmen nah ýüplükleri BAE-niň, Türkiýäniň we beýleki daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle-de dokma önümleri ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýörgünli harytlaryň biri bolup durýar.
Geçen ýyl Lebap welaýaty boýunça 12 müň 491 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi.