Türkmenistanda sarp edijiniň gowy hilli haryda bolan hukugy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda sarp edijiniň gowy hilli haryda bolan hukugy
"Berkarar" söwda-dynç alyş merkezi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda sarp edijiniň gowy hilli haryda (işe, hyzmata) we onuň hilini barlamaga bolan hukugy nämelerden ybaratdyr?

“Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, sarp edijiniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna ýa-da şertnamanyň şertlerine laýyk gelýän özi tarapyndan satyn alynýan harydyň (işiň, hyzmatyň) hiliniň gowy bolmagyna hukugy bardyr.

Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä hili boýunça haryt (iş, hyzmat) barada berlen maglumatlara, şertnamanyň şertlerine we Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän harydy (işi, hyzmaty) bermäge borçludyr.

Eger bu harydyň (işiň) häsiýetnamasy boýunça ters gelmeýän bolsa, sarp edijiniň harydyň (işiň) hilini, harydyň (işiň) toplumlylygyny, mukdaryny barlamaga, özüniň gatnaşmagynda harydyň (işiň) işe ukyplylygynyň, dogry we howpsuz ulanylmagynyň görkezişiniň geçirilmegine hukugy bardyr.

Satyjy (ýerine ýetiriji) harydyň (işiň) işe ukyplylygyny görkezmäge, toplumlylygyny barlamaga, sarp edijä harydyň (işiň) hilini tassyklaýan zerur maglumatlary bermäge borçludyr.

Şertnamada harydyň (işiň) hili hakynda şertler bolmadyk mahalynda satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä bildirilýän talaplara laýyk gelýän we şeýle harytlaryň (işleriň) ulanylýan maksatlary üçin peýdalanmaga ýaramly harydy (işi) bermäge borçludyr.

Eger şertnama baglaşylanda sarp ediji tarapyndan satyja (ýerine ýetirijä) harydyň (işiň) satyn alynmagynyň anyk maksatlary hakynda habar berlen bolsa, satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä görkezilen maksatlar üçin ulanylmaga ýaramly bolan harydy (işi) bermäge borçludyr.

Haryt nusgasy we (ýa-da) suratlandyrylmagy boýunça satylan mahalynda satyjy sarp edijä bu nusga we (ýa-da) suratlandyrma laýyk gelýän harydy bermäge borçludyr.

Çeşme: “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022