Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Azerbaýjana AI-92 görnüşli benziniň 36 müň 571 tonnasyny eksport etdi. Bu barada Azerbaýjanyň hökümetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Degişli döwürde Türkmenistanyň Azerbaýjana AI-92 görnüşli benzin boýunça eksporty 41,73 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Türkmenistan Azerbaýjany Russiýadan soň ikinji iri ýangyç bilen üpjün ediji döwlet boldy.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjan 150,8 müň tonnadan gowrak AI-92 görnüşli benzin import etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30,2 esse ýokarydyr.
AI-92 görnüşli benziniň importynyň möçberi 173,4 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 72,6 esse artdy.
Şeýlelikde, AI-92 görnüşli benziniň umumy importynyň 72,4%-i ýa-da 109 müň 18,1 tonnasy (125,64 million ABŞ dollaryndan gowragy) Russiýanyň paýyna düşdi.
Bu benziniň galan bölegi Gazagystandan (4 million ABŞ dollaryna deň bolan 3526 tonna) we Rumyniýadan (2 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 1525 tonna) import edildi.
AI-92 görnüşli benzin Azerbaýjanyň Heýdar Aliýew adyndaky Baku zawodynda öndürilýär. Bu zawodda 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinden bäri 50 günläp abatlaýyş işleri geçirildi.
Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen, AI-95 we AI-92 görnüşli benzini import etmek üçin gümrük paçlary 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli 15%-den 0%-e çenli kemeldildi.