Türkmen-gyrgyz söwda dolanyşygy üç essä golaý artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-gyrgyz söwda dolanyşygy üç essä golaý artdy
Gyrgyzystanyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda umumy daşary söwda dolanyşygy 5 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň geçen alty aýynda 59,88 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç essä golaý ýokarlandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti geçen penşenbe güni çap eden hasabatynda mälim etdi.

Geçen ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 15,2 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Gyrgyzystan 57,3 million ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen önümlerini import etdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 330,7% ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň Türkmenistana eksporty 2,55 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% artdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, alty aýyň dowamynda Gyrgyzystana esasy eksport edilen türkmen önümleriniň hatarynda nebit we gök önümleri hem-de elektrik energiýasy bardyr.

Gyrgyzystanyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda umumy daşary söwda dolanyşygy 5 milliard ABŞ dollaryndan geçdi we bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25% ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022