Türkmen gök we miwe önümleriniň Russiýa eksporty 30% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gök we miwe önümleriniň Russiýa eksporty 30% artdy
Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Russiýa jemi 5,1 million tonna miwe we gök önüm import etdi.

Türkmenistanyň Russiýa gök we miwe önümleriniň eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% artdy. Bu barada Russiýanyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik boýunça federal gullugynyň (Rosselhoznadzor) penşenbe güni çap eden metbugat beýanatynda habar berildi.

Degişli döwürde Russiýa miwe we gök önümleriň eksportyny iň köp artdyran ýurt Marokko boldy. Bu ýurduň Russiýa miwe we gök önümleriň eksporty 45% ýokarlandy.

2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Russiýa miwe we gök önümleriň eksportyny artdyran beýleki ýurtlaryň hataryna Gazagystan (21%), Täjigistan (16%), Özbegistan (14%) we Hytaý (11%) girdi.

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Russiýa jemi 5,1 million tonna miwe we gök önüm import etdi.

2022