Bilermenler: şu ýyl pagtanyň bahasy ýokarlanar

Nurmyrat Mommaýew
Bilermenler: şu ýyl pagtanyň bahasy ýokarlanar
ABŞ-daky we Ýewropadaky gurak howalar pagta meýdanlarynyň guramagyna we daýhanlaryň ekýän pagta meýdanlaryny azaltmaklaryna sebäp boldy.

Pagta şu ýylyň başynda bahasy iň ýokarlanan harytlaryň arasyna girdi. 1 funt (1 kg=2,2046226218 funt) pagtanyň şertnamalaýyn bahasy maý aýynyň başynda  rekord derejede, ýagny 1,50 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanyp, soňra pese gaçdy. Pagtanyň 1 funtunyň dekabr aýy üçin şertnamalaýyn bahasy hepdäniň duşenbe güni dünýä biržalarynda geçirilen söwdalarda 1,136 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bilermenler dünýä bazarlarynda pagtanyň bahasynyň ýokarlanmagynda iki esasy sebäbiň bardygyny çaklaýarlar. Bularyň birinjisi nebitiň bahasynyň durnuksyz bolmagy, ikinjisi bolsa guraklyk sebäpli pagta hasylynyň peselmegi hasaplanýar.

Pagta bahalarynyň ýokarlanmagynda esasy sebäp nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy bolup durýar. Başgaça aýdylanda, nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde poliester we neýlon ýaly nebit esasly süýümleriň bahalary hem ýokarlandy. Nebit esasly şeýle sintetiki süýümleriň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen ýüň we pagta ýaly tebigy süýümlere bolan talap artdy, bu bolsa öz gezeginde tebigy süýümleriň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Nebit bahalarynyň birneme pese gaçmagy netijesinde pagtanyň şertnamalaýyn bahalary 50%-e golaý arzanlady.

Pagtanyň bahasynyň ýokarlanmagyna täsir edýän ikinji faktor guraklykdyr. Soňky ýyllarda Günbatarda gurakçylygyň barha artmagy we onuň pagta hasylyna ýetirýän ýaramaz täsiri netijesinde pagtanyň bahasy ýene-de ýokarlanyp başlady. ABŞ-daky we Ýewropadaky gurak howalar pagta meýdanlarynyň guramagyna we daýhanlaryň ekýän pagta meýdanlaryny azaltmaklaryna sebäp boldy. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler şu ýyl pagtanyň bahasynyň has hem ýokarlanmagyna garaşýarlar.

ABŞ-ly pagta öndürijileriniň ýaz aýlarynda eken ýüz müňlerçe gektarlyk pagta meýdanlaryndaky işlerini guraklyk sebäpli togtatmaklaryna we olardan soňky onýyllyk bilen deňeşdirilende has az pagta hasylyny ýygnamaklaryna garaşylýar. Bilermenler bu ýagdaýyň dünýädäki pagta bahalarynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boljakdygyny çaklaýarlar. Gurak howanyň netijesinde ABŞ-ly pagta öndürijileri 5 million gektara ekilen pagta meýdanlarynyň 40%-den gowragynda häzirden meýdan işlerini togtatdylar.

ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi (USDA) geçen anna güni içerki pagta önümçiliginiň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 28% azaljakdygyny çaklady. USDA güýçli guraklyk we rekord derjedäki yssy howa şertleri zerarly pagta meýdanlarynyň gurandygyny we ol meýdanlarda iş alyp barýan dayhanlaryň işlerini togtadandyklaryny mälim etdi.

Netijede, nebitiň bahalarynyň durnuksyzlygynyň we hasylda ýüze çykan bökdençlikleriň pagtanyň bahasyny ýokarlandyrmagyna garaşylýar. Bu bolsa diňe bir daýhanlara däl-de, eýsem pagta önümçiliginiň ähli düzimlerine öz tasirini ýetirip biler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

 

2022