“Aýbölek” kompaniýasy ilkinji gezek mebel önümlerini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aýbölek” kompaniýasy ilkinji gezek mebel önümlerini eksport etdi
“Aýbölek” mebel kärhanasynyň önümçilik toplumy birnäçe bölümlerden, ammarlardan hem-de söwda dükanyndan ybaratdyr.

“Aýbölek” mebel kärhanasy sişenbe güni ilkinji gezek özüniň mebel önümlerini eksport etdi. Kärhananyň öndüren okuw partalary goňşy Gazagystana ugradyldy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň diktory Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren beýanatynda okuw partalarynyň Alma-Ata şäherindäki Gazak milli uniwersitetiniň ýanynda täze ulanyşa beriljek 720 orunlyk döwrebap orta mekdebi üçin taýýarlanylandygyny aýtdy.

“Aýbölek” mebel kärhanasynyň önümçilik toplumy birnäçe bölümlerden, ammarlardan hem-de söwda dükanyndan ybaratdyr. Bu ýerde agajy gaýtadan işleýän bölüm, metal gurnamalar bölümi, ýörite maksatly ammar we beýleki bölümler ýerleşýär. Häzirki wagtda mebel kärhanasynda 150-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Kompaniýanyň eseslandyrjysy Meretmuhammet Täçmuhammedowyň Çary Çaryýewe aýtmagyna görä, kärhana ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň buýurmalary esasynda ýaşaýyş jaýlarynyň öý goşlary, mekdeplerdir çagalar baglary üçin partalar, oturgyçlar, şkaflar, saglygy goraýyş, bilim, harby we hukuk goraýjy düzümler üçin zerur mebel önümlerini taýýarlaýar.

Şeýle hem, kärhana täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň orta mekdepleri üçin niýetlenen partalaryň 10 müňüsini hem-de oturgyçlaryň 20 müňüsini buýurma esasynda taýýarlady.

Ýakynda kompaniýanyň önümleri Ýewropanyň hil barlaglary boýunça jemgyýeti tarapyndan “Quality Choice Prize 2022” (Hil saýlamak baýragy), ýagny ýokary hilli önüm baýragyna mynasyp boldy.

Ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli mebel önümlerini öndürýän “Aýbölek” mebel kärhanasy 2010-njy ýylda açyldy.

2022