Türkmenistanda 100-den gowrak hususy ulag-logistika kompaniýalary döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 100-den gowrak hususy ulag-logistika kompaniýalary döredildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurtda ulag we logistika pudagyna aýratyn üns berilýändigini aýtdy.

Türkmenistanda 100-den gowrak hususy ulag we logistika kompaniýalary döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň anna güni geçirilen brifingde aýdanlaryna salgylanyp, Tükiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.

Daşary işler ministrliginde guralan metbugat brifinginiň dowamynda 15-16-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara forumyň netijeleri jemlendi.

Meredow  forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Russiýa, Moldowa we Gruziýa bilen ulag pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ulag we logistika pudagynyň dünýäde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtap, Türkmenistanyň hem bu pudaga aýratyn üns berýändigini aýtdy.

Meredow ozal daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde ulag we logistika pudagynda işleri alyp barandygyny, indi bolsa ýerli türkmen kompaniýalarynyň bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň howandarlygynda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara foruma 40-a golaý döwletleriň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022