Türkmenistanda rieltorçylyk guramasynyň işiniň çäklendirilmeleri we garaşsyzlygy nämelerden ybarat?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda rieltorçylyk guramasynyň işiniň çäklendirilmeleri we garaşsyzlygy nämelerden ybarat?
Rieltora rieltorçylyk hyzmatlaryny etmegiň ýaşyrynlygynyň şertnamada bellenilen şertlerini bozýan maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegi barada talaplary bildirmek gadagan edilýär.

“Rieltorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, rieltorçylyk guramasynyň şu aşakdakylara haky ýokdur:

  • närsesi özi babatda rieltorçylyk guramasy bilen başga hyzmatdan peýdalanyjynyň arasynda başga şertnama baglaşylan gozgalmaýan emläk ýa-da oňa bolan hukuk bolup durýan şertnamany baglaşmaga;
  • ol babatda hyzmatdan peýdalanyja rieltorçylyk hyzmatyny edýän gozgalmaýan emlägiň baha kesijisiniň ýerine ýetirijisi hökmünde çykyş etmäge.

Eger-de bu rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmeginiň netijesine, şol sanda bu hyzmatyň edilmeginiň barşynda aýdyňlaşdyrylmaly ýa-da kesgitlenilmeli meseleleriň toparynyň çäklendirilmegine ters täsir edip biljek bolsa, hyzmatdan peýdalanyjynyň ýa-da şertnamanyň taraplary bolup durmaýan üçünji bir şahslaryň rieltoryň işine goşulmagyna ýol berilmeýär.

Rieltora rieltorçylyk hyzmatlaryny etmegiň ýaşyrynlygynyň şertnamada bellenilen şertlerini bozýan maglumatlaryň we resminamalaryň berilmegi barada talaplary bildirmek gadagan edilýär.

Çeşme: “Rieltorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022