Türkmenistan Özbegistana 11,5 müň tonna sement eksport etdi

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistana 11,5 müň tonna sement eksport etdi
Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Özbegistan 52,5 million ABŞ dollaryna deň bolan sementiň 1,4 million tonnasyny import etdi.

Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistandan 11,5 müň tonna sement import etdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti duşenbe güni mälim etdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan goňşy ýurdy sement bilen üpjün ediji dördünji iri döwlet boldy.

Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Özbegistan 52,5 million ABŞ dollaryna deň bolan sementiň 1,4 million tonnasyny import etdi. Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, sementiň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 421 müň tonna azaldy.

Hasabat döwründe Türkmenistandan başga-da, Özbegistany sement bilen üpjün eden beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Täjigistan (533 müň tonna), Gyrgyzystan (385 müň tonna), Gazagystan (353 müň tonna), Eýran (6,7 müň tonna), Hytaý (1,4 müň tonna) we Russiýa (782 tonna) girdi.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 485,8 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,5% artdy.

2022