“Türkmennebit” 2,6 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi

BIZNES TURKMENISTAN
“Türkmennebit” 2,6 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi
“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň geçen ýedi aýynda jemi 20 guýy ulanyşa girizildi, şolardan 19-sy özleşdirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 2 milliard 613 kubmetr tebigy gaz öndürilip, bu baradaky meýilnama 115,3% ýerine ýitirildi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Şeýle-de degişli döwürde konsern boýunça nebitiň 2 million 123 müň tonnasy çykarylyp, bu baradaky meýilnama 101,1% berjaý edildi.

“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň geçen ýedi aýynda jemi 20 guýy ulanyşa girizildi, şolardan 19-sy özleşdirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň günbatar sebitiniň baý ýataklarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy netijesinde şu ýylyň geçen ýedi aýynda buraw işleri üstünlikli tamamlandy we bäş önümçilik guýusy işe girizildi.

“Uzynada” ýatagynda 6750 metr çuňlugy bolan 77-nji guýynyň özleşdirilmegi hem üstünlikli tamamlandy, bu ýerde tebigy gaz we nebit kondensatynyň senagat akymy alyndy. Täze guýy “Gumdagnebit” nebit we gaz önümçilik bölüminiň hünärmenlerine tabşyryldy. Häzirki wagtda ol guýudan gündelik 91 tonna “gara altyn” we 75 müň kubmetr “mawy ýangyç” çykarylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022