Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary we seýilgäh gurlar
Wise-premýer Döwlet Baştutanymyzy Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde täze seýilgäh, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri we jemgyýetçilik desgalary gurlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sişenbe güni Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda täze taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgäh toplumynda çagalar we ýetginjekler çeperçilik merkezi, ýapyk görnüşli elektron oýunlar binasy, attraksionlar zolagy, çaýhanalar we restoranlar ýerleşer. Şeýle hem, ol ýerde çagalar üçin niýetlenen dürli oýun merkezleri, meýdançalar, welosiped ýodalary bolar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Soňra wise-premýer Döwlet Baştutanymyzy Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 18-si, 2 gatly söwda merkezleriniň 2-si, 720 orunlyk mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, awtoduralgalar, sport meýdançalary bina ediler.

Şeýle hem “Gurtly” ýaşaýyş toplumy Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen günbatarlygyna tarap uzalar.

Şol bir wagtyň özünde, agaç gurnawlaryndan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ornunda täze, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Mäti Kösäýew köçesiniň ugrunda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, wise-premýer köp sanly inženerçilik gurluşyklarynyň işleri barada hasabat berdi.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek boýunça teklip edilýän meýilnamalar, bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we onuň çägini giňeltmek boýunça birnäçe şekil taslamalarydyr çyzgylar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dowam edýän gurluşyk işleri bilen tanyşmak üçin dikuçarda paýtagtymyzyň üstünden uçdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022