Balkanda nebit kondensatynyň ýyllyk çykarylyşyny 10,6 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanda nebit kondensatynyň ýyllyk çykarylyşyny 10,6 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär
Tutuş Balkan sebitiniň geljegi uly bolan uglewodorod ýataklaryny nebit çykarmak boýunça ulanyşa girizmek göz öňünde tutulýar.

Balkan welaýatynyň uglewodorod ýataklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, 2025-nji ýyla çenli gaz kondensatly nebitiň ýyllyk çykarylyşyny 10,6 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär.

Bu baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy Hangeldi Gurbangeldiýewiň Türkmenistanyň resmi metbugatynda çarşenbe güni çap edilen makalasynda mälim edildi.

Şeýle-de 2025-nji ýyla çenli bu sebit boýunça tebigy gazyň çykarylyşyny 11 milliard kubmetre ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, 2025-nji ýyla çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomobil benzininiň 29%, dizel ýangyjynyň 20,4%, çalgy ýaglarynyň bolsa 3 esseden artyk öndürilmegine garaşylýar.

Hangeldi Gurbangeldiýewiň bellemegine görä, 2022-2052-nji ýyllarda Hazarýaka we Gögerendag — Ekerem zolaklarynyň, tutuş Balkan sebitiniň hem-de günbatar we günorta, demirgazyk sebitleriniň täze, geljegi uly bolan meýdanlaryny we ýataklaryny nebit çykarmak boýunça ulanyşa girizmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda senagat önümleriniň, nebiti we gaz kondensatyny goşmak bilen, öndürilişiniň sebitleýin düzüminde Balkan welaýatynyň paýy 93,4%-e ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022