Türkmen telekeçileri Daşkende deri-aýakgap sergisine gatnaşmaga çagyrylýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Daşkende deri-aýakgap sergisine gatnaşmaga çagyrylýarlar
"UzCharmExpo-2019", 2019-njy ýylyň 4-nji apreli, Daşkent, Özbegistan (Surat: “Uzçarmsanoat” assosiasiýasy)

Türkmen telekeçileri we senagatçylary Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 12-14-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän “UzCharmExpo-2022” deri-aýakgap senagatynyň halkara sergisi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Özbegistanyň “Uzçarmsanoat” assosiasiýasynyň deri-aýakgap senagatynyň degişli çakylygyny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy duşenbe güni mälim etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistandan “UzCharmExpo-2022” atly sergi-ýarmarka gatnaşmaga isleg bildirýän telekeçiler degişli arzalaryny ýurduň Söwda-senagat edarasyna tabşyrmalydyrlar.

Bu sergi her ýyl Daşkende geçirilýär we Özbegistandan hem-de beýleki ýurtlardan ýüz töweregi gatnaşyjyny özünde ýygnaýar. Sergi-ýarmarkasynda duşuşyklar we çykyşlar, şeýle hem işewürlik çäreleri geçiriler.

2022