Türkmen telekeçileri we senagatçylary Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 12-14-nji oktýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän “UzCharmExpo-2022” deri-aýakgap senagatynyň halkara sergisi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Özbegistanyň “Uzçarmsanoat” assosiasiýasynyň deri-aýakgap senagatynyň degişli çakylygyny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy duşenbe güni mälim etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistandan “UzCharmExpo-2022” atly sergi-ýarmarka gatnaşmaga isleg bildirýän telekeçiler degişli arzalaryny ýurduň Söwda-senagat edarasyna tabşyrmalydyrlar.
Bu sergi her ýyl Daşkende geçirilýär we Özbegistandan hem-de beýleki ýurtlardan ýüz töweregi gatnaşyjyny özünde ýygnaýar. Sergi-ýarmarkasynda duşuşyklar we çykyşlar, şeýle hem işewürlik çäreleri geçiriler.