Balkan welaýatynda 2022-nji ýylyň geçen ýedi aýynda 11 milliard 225 million manada barabar bolan senagat önümleri öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşine görä, önümleriň ýaryna golaýy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Tutuş welaýat boýunça senagat önümlerini taýýarlamakda gazanylan ösüş depgini 128%-e golaýlady.
Şeýle hem, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda tutuş welaýat boýunça bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygy 3 milliard 804 million manada barabar boldy we bu ugurda 118% ösüş gazanyldy.
Şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýola goýlan bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynyň 3,4 milliard manatlykdan gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşdi.
Balkan welaýatynyň uglewodorod ýataklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, 2025-nji ýyla çenli gaz kondensatly nebitiň çykarylyşyny 10,6 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär.