TOPH taslamasynyň howpsuzlyk çäreleri onlaýn maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TOPH taslamasynyň howpsuzlyk çäreleri onlaýn maslahatlaşyldy
Taraplar taslamanyň howpsuzlygyny halkara ülňülerine we talaplaryna laýyklykda üpjün etmek barada pikir alyşdylar. (Surat: Owganystanyň Içeri işler ministrligi)

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri bilen “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanowyň arasynda çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin howpsuzlyk çärelerine garaldy.

Taraplar taslamanyň howpsuzlygyny halkara ülňülerine we talaplaryna laýyklykda üpjün etmek hem-de degişli bölümleriň arasynda hereketleri utgaşdyrmak üçin meýilnamalar we teklipler barada pikir alyşdylar. Bu barada Owganystanyň Içeri işler ministrligi mälim etdi.

Owganystanyň hökümeti ýakynda TOPH turbageçiriji taslamasy boýunça amaly işleri ýerine ýetirmek üçin topar döretdi.

Owganystanyň Içeri işler we Goranmak ministrlikleriniň wekilleri şu ýylyň fewral aýynda türkmen tarapyny TOPH gaz geçiriji taslamasynyň howpsuzlyk meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022