Howdan-Bajgyran serhedinde ýerleşýän türkmen-eýran bilelikdäki bazary täzeden açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Howdan-Bajgyran serhedinde ýerleşýän türkmen-eýran bilelikdäki bazary täzeden açyldy
Bu bazaryň 700 töweregi adam üçin iş orunlaryny döredýändigi bellenildi. (Surat: ''Mehr'')

Koronawirus pandemiýasy sebäpli 34 aý ýapylan Howdan-Bajgyran serhedinde ýerleşýän Eýran bilen Türkmenistanyň bilelikdäki serhet bazary täzeden açyldy. Bu barada Eýranyň resmisi Abolfazl Çamandiniň aýdanlaryna salgylanyp, “Mehr” täzelikler agentligi şenbe güni habar berdi.

Bazaryň ähmiýetini belläp, Çamandi wagtlaýyn ýapylmazyndan ozal her ýyl bu bazardan Türkmenistana 4 million ABŞ dollaryndan gowrak haryt eksport edilendigini we Eýrana takmynan 500 müň ABŞ dollarlyk harydyň import edilendigini aýtdy.

Eýranyň resmisi Howdan-Bajgyran serhedinde ýerleşýän bilelikdäki serhet bazarynyň Horasan Razawi welaýatynyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Mundan başga-da, bu bazaryň 700 töweregi adam üçin iş orunlaryny döredýändigi bellenildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşy geçen hepde şu Eýran ýylynyň ilkinji dört aýynda (21-nji mart aýyndan 22-nji iýul aýyna çenli) ýurduň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygynyň (nebiti hasaba almazdan) 142 million 840 müň ABŞ dollaryna barabar bolandygny yglan etdi. Degişli döwürde ýurtlar 438 müň 957 tonna möçberinde harytlary söwda etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022