Türkmenistanyň Prezidenti bilen “Gazpromyň” ýolbaşçysy Aşgabatda energiýa hyzmatdaşlygyna garady

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti bilen “Gazpromyň” ýolbaşçysy Aşgabatda energiýa hyzmatdaşlygyna garady
“Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bilen duşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda energiýa hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda mälim edildi.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Alekseý Miller Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Duşuşyklaryň ikisi hem “Gazprom” wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde geçirildi. “Gazpromyň” wekilhanasy 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar.

Iýun aýynyň ahyrynda Aşgabatda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar etmek meýliniň bardygyny mälim etdi. Russiýanyň Lideri Moskwa bilen Aşgabadyň käbir şertnamalaryň dowam etdirilmegi barada ylalaşyklarynyň bardygyny belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022