“Gazprom” tarapyndan türkmen gazyny satyn almak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gazprom” tarapyndan türkmen gazyny satyn almak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine seredildi
“Gazpromyň” wekilhanasy 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar.

“Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu kompaniýa tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda ýangyç-energetika toplumy ýaly strategik ugurda hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistan özüniň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň täze teklipleri üçin hemişe açykdyr we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny goldamaga taýýardyr diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly boljakdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi, ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.

“Gazpromyň” wekilhanasy 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022