Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda 2021-nji ýylyň umumy söwda görkezijisinden ýokary boldy. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň duşenbe güni geçirilen Howdan-Bajgyran serhedinde ýerleşýän türkmen-eýran bilelikdäki serhet bazarynyň açylyş dabarasynda aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi habar berdi.
Arbab Hales 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 233 million ABŞ dollaryna deň bolandygyny aýdyp, bu görkezijiniň 2021-nji ýylda 227 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny mälim etdi.
Eýranyň ilçisi iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli geçen ýylkydan iki esse ýokarlanmagyna garaşýandygyny aýtdy. Ikitaraplaýyn söwdanyň artmagynyň Eýranyň goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek baradaky täze syýasatynyň netijesinde mümkin bolandygy bellenildi.
Serdar Berdimuhamedowyň Prezident wezipesine girişmeginden soňra ikinji daşary ýurt saparyny Eýrana etmegi türkmen hökümeti üçin Eýranyň ähmiýetlidiginiň alamatydyr diýip, ilçi belledi.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli 34 aý ýapylan Howdan-Bajgyran serhedinde ýerleşýän Eýran bilen Türkmenistanyň bilelikdäki serhet bazary täzeden açyldy.