Türkmenistanyň Hökümeti bäsleşikli söwdalar arkaly döwlet emlägine degişli ençeme desgalary hususylaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek hem-de oňaýly işewürlik gurşawyny döretmek barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň degişli edaralary bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalar boýunça seljermeler geçirildi. Geldimyradow onuň netijeleri boýunça degişli teklipleriň taýýarlanylandygyny belledi. Şol tekliplere laýyklykda, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Aşgabat şäheriniň, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň, desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak arkaly düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň milli ykdysadyýetde döwlete dahylsyz ulgamyň paýynyň artdyrylmagyna ýardam etmelidigini belledi we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.