“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bilen Türkmenistanyň çäginiň gury ýerlerinde nebite baý bolan, täze ygtyýarlylandyryljak toplumlara daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu baradaky teklibi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.
Türkmenistanyň çäginiň gury ýerlerinde nebite baý bolan, ygtyýarlylandyrylan toplumlary kesgitlemek üçin döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan ýörite topar dörediler.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giňden ulanmagyň, pudaga maýa goýumlary çekmegiň Türkmenistanda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyndaky özgertmeleri işjeňleşdirmegiň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda işleri dowam etmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.