Türkmenistan Pakistana suw joşgunlaryndan ejir çekenlere ynsanperwer kömegini iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Pakistana suw joşgunlaryndan ejir çekenlere ynsanperwer kömegini iberer
Pakistanda suw joşgunlary zerarly wepat bolanlaryň sany 1200-den geçdi. (Surat: AP)

Türkmenistan Pakistana suw  joşgunlary zerarly ejir çekenlere ynsanperwer kömegini iberer. Bu baradaky Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni gol çekdi.

Buýruga laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary, azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Pakistan Yslam Respublikasyna muzdsuz berer.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Daşary işler ministrligine Pakistana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Pakistanyň Hökümeti iýun aýynyň ortalaryndan bäri ýurtda suw joşgunlary zerarly wepat bolanlaryň sanynyň 1200-den geçendigini anna güni mälim etdi. Hökümet tutuş ýurt boýunça halas ediş we kömek işlerinde raýat häkimiýetlerine harbylary ýardam üçin ugratdy.

2022