Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda aradan çykdy

BIZNES TURKMENISTAN
Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda aradan çykdy
Dünýäde iň uzak wagtlap tagtda oturan Ýelizaweta II 1952-nji ýylda tagta geçdi. (Surat: Reuters)

Beýik Britaniýa tagtynda iň köp oturan şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynda Balmoral galasynda aradan çykdy.

Şa aýalynyň penşenbe güni öýlän tomsuň köp bölegini geçiren Şotlandiýadaky öýünde parahat ýagdaýda aradan çykandygy barada Beýik Britaniýanyň milli teleradio ýaýlymy BBC habar berdi.

Beýik Britaniýanyň mirasdüşer şazadasy Karl III ejesiniň aradan çykmagynyň özi we maşgalasy üçin uly gynançly ýagdaý bolandygyny we bu ýitginiň bütin dünýäde hem çuňňur gynanç bilen kabul ediljekdigini aýtdy.

Şa zenanynyň lukmanlary penşenbe güni onuň saglygynyň agyrlaşandygyny mälim edenlerinden soň, onuň tutuş maşgalasy Balmorala galasyna ýygnandy.

Şa aýalynyň iň soňky resmi işi sişenbe güni Liz Trassy Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesine bellemek boldy.

Trass şa zenanynyň aradan çykmagynyň Beýik Britaniýanyň halky üçin uly ýitgi bolandygyny we munuň bütin dünýäde hem gynanç bilen kabul edilendigini belledi. Bu ýagdaý sebäpli Beýik Britaniýanyň ähli döwlet binalarynda baýdaklar aşak düşürildi.

Dünýäde iň uzak wagtlap tagtda oturan Ýelizaweta II kakasy Patyşa Jorj VI 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda aradan çykanyndan soňra 25 ýaşynda tagta geçdi.

Şa zenany Ýelizaweta II-niň tagtda oturan döwründe 15 premýer-ministr çalşyldy. Onuň tagta geçen döwründe Winston Çerçil Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesindedi.

2022