Wladimir Putin ŞHG sammitiniň çäginde Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wladimir Putin ŞHG sammitiniň çäginde Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin arasyndaky duşuşyk, 10-njy iýun, 2022, Moskwa (Surat: Kremlin.ru)

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirer. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sişenbe güni metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, Russiýanyň “Wedomosti” gazeti habar berdi.

Özbegistanyň Samarkant şäherinde 15-16-njy sentýabr aralygynda geçiriljek sammitiniň çäginde Russiýanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Türkiýäniň baştutanlary, şeýle-de Pakistanyň we Hindistanyň Premýer-ministrleri bilen hem duşuşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Samarkant şäherinde geçiriljek ŞHG-nyň sammitine myhman-ýolbaşçy hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar.

ŞHG 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyryldy. Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hindistan, Pakistan we Özbegistan bu guramanyň agzalarydyr. ŞHG-nyň synçy ýurtlary Owganystan, Belarussiýa, Eýran we Mongoliýadyr. Şeýle hem, Ermenistan, Azerbaýjan, Nepal, Kamboja, Türkiýe we Şri Lanka bu guramanyň hyzmatdaş ýurtlarydyr. 

ŞHG-nyň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçirilen sammitinde Eýrana guramanyň doly ygtyýarly agza derejesini hem-de Müsüre, Katara we Saud Arabystany Patyşalygyny dialog hyzmatdaşy derejesini bermek boýunça amallar başlanyldy. Şu ýyl Belarussiýa ŞHG-nyň doly agzasy bolmaklyk üçin resmi taýdan ýüz tutdy.

2022