Türkmenistan “Gazproma” geçen ýyl 10,6 milliard kubmetr tebigy gazy satdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Gazproma” geçen ýyl 10,6 milliard kubmetr tebigy gazy satdy
“Gazprom” 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy.

Russiýanyň iň uly energiýa kompaniýasy “Gazprom” 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gaz satyn aldy. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sişenbe güni metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, “Interfaks” resmi metbugaty habar berdi.

“Gazprom” 2019-njy ýylyň iýul aýynda “Türkmengaz” döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, Türkmenistandan "Gazproma" ýyllyk 5,5 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler.

“Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda Awgust aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda bu kompaniýa tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Gazpromyň” wekilhanasy 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022