Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin penşenbe güni Özbegistanyň Samarkand şäherine bardy.

Howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we birnäçe resmiler garşy aldylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäginde Hezreti Hizr ýadygärlikler toplumyna barar we Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň kümmedine gül dessesini goýar.

Özbegistanyň Samarkand şäherinde 15-16-njy sentýabr aralygynda geçiriljek sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirer.

ŞHG 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyryldy. Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hindistan, Pakistan we Özbegistan bu guramanyň agzalarydyr. ŞHG-nyň synçy ýurtlary Owganystan, Belarussiýa, Eýran we Mongoliýadyr. Şeýle hem, Ermenistan, Azerbaýjan, Nepal, Kamboja, Türkiýe we Şri Lanka bu guramanyň hyzmatdaş ýurtlarydyr.

2022