Gyrgyzystan Türkmenistandan ýanwar-iýul aýlarynda $30,8 millionlyk elektrik energiýasyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan Türkmenistandan ýanwar-iýul aýlarynda $30,8 millionlyk elektrik energiýasyny import etdi
Gyrgyzystanyň ýedi aýyň jemi boýunça elektrik energiýa importynyň 75%-i türkmen elektrik energiýasynyň paýyna düşýär.

Gyrgyzystan şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistandan 30,8 million ABŞ dollaryna barabar bolan 1,2 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika gullugy sişenbe güni habar berdi.

Gyrgyzystanyň ýedi aýynyň jemi boýunça elektrik energiýa importynyň 75%-i türkmen elektrik energiýasynyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Gyrgyzystany elektrik energiýasy bilen üpjün edýän esasy ýurt bolup durýar. Gyrgyzystan 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi 1,6 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny import etdi.

Şeýle hem, Gazagystan Gyrgyzystany elektrik energiýasy bilen üpjün edýän esasy ýurtlaryň biri bolup, şu ýylyň ýedi aýynda 6 million ABŞ dollaryna barabar bolan 423 million kilowat sagat elektrik energiýasyny eksport etdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Özbegistanyň üsti bilen Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýär.

2022