Lebap welaýatynda 2022-2028-nji ýyllarda 43 sany binanyň we desganyň gurluşyklary göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugty çarşenbe güni habar berdi.
Degişli desgalaryň gurluşygy şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barlar.
Şeýlelikde, Lebap welaýatynda alty ýylyň dowamynda 3 sany hassahana, 5 sany saglyk öýi we merkezi, 6 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 18 sany umumybilim edarasy, 3 sany medeniýet öýi gurlup ulanmaga berler.
Lebap welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 304,79 km suw geçirijileri, 5 sany suw arassalaýjy desgasy, 78,62 km lagym geçirijileri, 3 sany lagym arassalaýjy desgasy, 769,07 km awtomobil ýollary, 346,81 km gaz geçirijileri, 474,65 km elektrik geçirijileri gurlar.
Şeýle hem, aragatnaşyk ulgamy boýunça 337,96 km telefon ulgamy çekilip, 11184 sany telefon belgisi oturdylar. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 725,6 müň inedördül metri gurlar.