Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda 2022-2028-nji ýyllarda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda 2022 ― 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň agramly bölegi, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediler. Şeýle-de býujetiň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler.
“Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys” diýip, Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyna görä, bu döwürde ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, orta mekdepleriň 54-si, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasy, 10 sany döwrebap hassahana, 7 sany medeniýet öýi, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalar gurular.
Döwlet Maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine syn berildi we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürilmeginiň esasy ugurlaryna seredildi.