Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 26-njy sentyabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Tatarystanyň Prezidenti Döwlet Baştutanymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlap, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň Prezidentine mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hem-de ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky köpýyllyk gatnaşyklar netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Soňky döwürde bu gatnaşyklara täze itergi berildi. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi, işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklar depginli ösdürilýär diýip, habarda bellenilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin mundan beýläk-de pugta binýat boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, doganlyk türkmen we tatar halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

2022