Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň gubernatorlary bilen duşuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň gubernatorlary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşygy, 26-njy sentýabr, 2022, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow we Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Tekslerbilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşyk

Duşuşygyň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin “Ýolkartasynda” bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunçaanyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýänoba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerinihem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylym-bilim wemedeniýet ulgamlary boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak barada durup geçip, bu ugurlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory AlekseýTeksler bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň gyzyklanma bildirýän edaralarynyň ýurdumyzda metallurgiýa, maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek we gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygyny, şeýle-de türkmen tarapynyň nebit we gaz senagatynyň, dokmapudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalykharytlaryny ibermäge taýýardygyny aýtdy.

Alekseý Teksler öz gezeginde amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini we şol kompaniýalar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildigini kanagatlanma bilen nygtady.

Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz duşenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

2022