Rus kompaniýasy Türkmenistanyň elektrik energiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus kompaniýasy Türkmenistanyň elektrik energiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy meýilleşdirýär
“Silowyýe maşiny” Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän elektrik energiýa kompaniýasy bolup, ol oturdylan enjamlaryň mukdary boýunça dünýäniň bu ugurda meşhur kompaniýalaryň onlugyna girýär.

Russiýanyň “Silowyýe maşiny” kompaniýasy Türkmenistanyň elektrik energiýa desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalaryna gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça habarçylar bilen sişenbe güni geçiren söhbetdeşligine salgylanyp, TASS agentligi habar berdi.

“Biziň ara alyp maslahatlaşan meselelerimiziň biri hem energetika ulgamy boldy. Biziň “Silowiýe maşiny” kompaniýamyz häzirki wagtda Türkmenistanyň energetikleri bilen energiýa desgalaryny döwrebaplaşdyrmak barada gepleşikleri geçirýär” diýip, Aleksandr Beglow aýtdy.

Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Ol Sankt-Peterburgyň häzirki wagtda gämi gurluşygyň paýtagtydygyny belläp, onuň çägindäki gämi gurluşyk kärhanalarynda 53 sany gämiler gurulýandygyny aýtdy. Şeýle hem Sankt-Peterburgyň gubernatory Türkmenistanyň Prezidentiniň bu meseläni öwrenmek boýunça degişli tabşyryklary berendigini mälim etdi.

“Silowiýe maşiny” Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýän elektrik energiýa kompaniýasy bolup, ol oturdylan enjamlaryň mukdary boýunça dünýäniň bu ugurda meşhur kompaniýalaryň onlugyna girýär. Kompaniýa ýylylyk, ýadro we gidroelektrik stansiýalary üçin enjamlaryň taslamalaryny düzýär, öndürýär we üpjün edýär.

2022