Russiýanyň Çelýabinsk oblastynda ýerleşýän Günorta Ural armatur we izolýator öndürýän zawody Türkmenistanda özüniň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiligine seredýär. Bu barada TASS agentligi kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Oleg Molçanowyň aýdanlaryna salgylanyp sişenbe güni habar berdi.
Çelýabinsk oblastynyň wekilýeti gubernator Alekseý Teksleriň ýolbaşçylygynda duşenbe güni Aşgabat şäherine birnäçe duşuşyklary geçirmäge we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çärelere gatnaşmaga geldi.
“Biz Türkmenistanyň ministrligindäki kärdeşlerimiz bilen Türkmenistanda öz önümçiligmizi ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Bu mesele boyunça üç ugurda mümkinçiliklerimiz bar: iki tarap üçin hem gyzykly boljak polimer izolýatorlary boýunça, farfor we aýna izolýatorlary boýunça, şeýle-de elektrik geçirijiler üçin armatura boýunçadyr” diýip Oleg Molçanow aýtdy.
Zawodyň önümleri Russiýanyň we goňşy ýurtlaryň energiýa ulgamlaryna, elektrikleşdirilen demir ýollaryň aragatnaşyk ulgamlaryna, nebit gaz senagatyna, daşary ýurt bazarlaryna: Finlandiýa, Şwesiýa,Italiýa, Ispaniýa, Liwana, Siriýa, Wýetnama we Eýrana iberilýär.
Russiýanyň Çelýabinsk oblastynda ýerleşýän Günorta Ural armatur we izolýator öndürýän zawody asma elektrik tok geçirijileri hem-de stansiýalaryň we podstansiýalaryň elektrik togyny paýlaýyş enjamlary üçin bişen aýnadan ýasalan asma izolýatorlaryny, farfor izolýatorlarny, elektrik geçirijiler üçin armaturalaryny öndürýän esasy öndürijileriniň biri bolup durýar.
Russiýanyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.