“SOCAR Trading” Türkmenistanyň nebiti we gazy Halkara maslahatynyň hyzmatdaşy boldy

BIZNES TURKMENISTAN
“SOCAR Trading” Türkmenistanyň nebiti we gazy Halkara maslahatynyň hyzmatdaşy boldy
“SOCAR Trading SA” kompaniýasynyň edara binasy Şweýsariýada 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Azerbaýjanyň nebit kompaniýasynyň (SOCAR) marketiň bölümi hökmünde hasaba alyndy.

Halkara energiýa serişdeleriniň söwda kompaniýasy bolan “SOCAR Trading” “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly XXVII Halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy diýip, yglan edildi.

“SOCAR Trading SA” kompaniýasynyň edara binasy Şweýsariýada 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Azerbaýjanyň nebit kompaniýasynyň (SOCAR) marketiň bölümi hökmünde hasaba alyndy. Ol “Azeri-Çirag-Güneşli” ýatagynda we beýleki ýakyn ýataklarda gazylyp alynan azerbaýjan nebitini eksport etmek maksady bilen döredildi. Şondan bäri bu kompaniýa halkara bazaryndaky hyzmatdaşlygyny has-da giňeldip, nebit we nebit önümleri ugrunda Türkmenistanyň hem uzak möhletli hyzmatdaşy boldy.

Şeýle-de SOCAR kompaniýasy Günbatar turbageçirijisi arkaly Gruziýa, Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisinden Türkiýä we Baku-Noworossiýskden bolsa Russiýa azerbaýjan nebitini iberýär.

“SOCAR Trading SA” kompaniýasy Ýewropanyň we dünýäniň birinji derejeli banklary bilen, şeýle-de Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, bütin dünýäde işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Hazar deňzi sebitinde bu kompaniýa söwda akymlaryny döretmek üçin birnäçe fiziki infrastrukturasyna maýa goýdy. Bu sebitdäki dürli derejeli nebitiň eksport akymlary üçin “SOCAR Trading SA” kompaniýasy logistika merkez bolup durýar. Önümçilik we marketing zynjyrynyň ähli basgançaklarynda hereket edýän “SOCAR Trading SA” kompaniýasy 2021-2033-nji ýyllarda ýeňil nebit fraksiýasyny we suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) söwdasyny artdyrmak arkaly iş gerimini giňeltmägi, nebit önümleri söwdasyny ösdürmäge, şeýle hem Günorta we Gündogar Ýewropadaky gaz söwdasynyň ornuny berkitmägi maksat edinýär.

 “SOCAR Trading SA” kompaniýasy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyny Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ösüp barýan energetika söwdasynda has wajyp orny eýelejekdigine ynanýar.

Ýurtda “Dostluk” ýatagynyň özleşdirilmegi tebigy gazy günbatara eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açar. Bu ýatagyň nebit gorlary takmynan 60 million tonna barabar bolup, tebigy gaz 100 milliard kub metra barabardyr.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly XXVII Halkara maslahaty 26-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Forum “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalar bilen bilelikde gurnalýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022