Türkmenistanda saglyk, bilim we sport ugurlary boýunça halkara sergi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda saglyk, bilim we sport ugurlary boýunça halkara sergi geçiriler
Bu sergä 30-dan gowrak döwletden 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistanda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahaty geçiriler.

Bu çärä görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habarynda aýdylýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu sergä halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak döwletden 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny bir ýere jemlär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, ählumumy bähbitler ugrunda özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pikir we tejribe alyşmak maksady bilen, halkara sergileridir maslahatlary yzygiderli guramagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe meselelere garaldy we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

2022