Çip önümçiliginde artykmaç üpjünçilik töwekgelçiligi

Nurmyrat Mommaýew
Çip önümçiliginde artykmaç üpjünçilik töwekgelçiligi
Pandemiýa döwründe dünýä ykdysadyýetinde mikroprosessorlaryň we ýarymgeçirijileriň üpjünçiliginde ýetmezçilikler boldy.

Mikroprosessorlar we ýarymgeçirijiler häzirki düwürde ykdysadyýetiň köp ugurlarynda, sarp ediş elektronikasyndan awtoulag pudagyna we ýel turbinalaryna çenli zerur bolup durýar. Şol sebäpli olaryň elýeterliligi hem-de bahalary ykdysady işjeňlikdäki näbellilikleriň öňüni almakda möhüm orna eýedir. Bilermenlere görä pandemiýa döwründe ýetmezçilik bolan bolsa-da, pandemiýadan soňky, ýagny häzirki döwürde olaryň üpjünçiliginde inflýasiýa emele gelip biler.

Pandemiýa döwründe dünýä ykdysadyýetinde mikroprosessorlaryň we ýarymgeçirijileriň üpjünçiliginde ýetmezçilikler boldy. “Bloomberg.com” habar saýtynda bellenilişi ýaly, çip senagaty mundan beýläk artykmaç önümçilik tapgyryna girip biler.

Pandemiýa döwründe adamlaryň işlerine, okuwçylaryň okuwlaryna öz öýlerinde dowam etmekleri ýaly sebäpler noutbuklara bolan talaby ýokarlandyrdy. Pandemiýanyň täsiriniň azalmagy bilen olar adaty iş hem-de okuw usullaryna dolanyp geldiler. Şeýlelikde, noutbuklara bolan talap hem azaldy.

Global COVID-19 pandemiýasy çip ýetmezçiliklerine sebäp boldy. Öýde işlemek ýa-da okuwy dowam etdirmek üçin zerur enjamlara bolan islegiň ýokarlanmagy we integral zynjyrlary ulanýan enjamlaryň sanynyň köpelmegi bilen, çip öndürýän zawodlaryň önümçilik kuwwaty bu talaby doly kanataglandyryp bilmedi. Mundan başga-da, guraklyk we aşa yssy howa şertleri önümçiligiň peselmegine sebäp boldy.

Ýarymgeçiriji bazarynda ýeterlik derejede degişli bölekleriň, ýagny ätiýaçlyk şaýlarynyň ýoklugy, şeýle hem, gaýtadan işlemek kuwwatynyň ýeterlik däldigi sebäpli kompaniýalar köp sargytlary wagtynda ýerine ýetirip bilmediler.

TSMC we Intel ýaly iri çip öndürijiler barha artýan islegi kanagatlandyrmak üçin täze çip önümçilik zawodlary gurmak meýilnamasyny işläp düzdiler. Bu zawodlaryň işe başlamaklary üçin wagt gerek bolar.

Halkara seljeriş kompaniýasy “IDC”-niň (International Data Corporation) hünärmenleri çiplere bolan islegiň diňe bir kanatlandyrylmak bilen çäklenmän, eysem artykmaç çip önümçiliginiň ýüze çykyp biljekdigini çaklaýarlar. Talapdan artykmaç çip öndürmek öndürijiler üçin hem islenmeýan ýagdaý bolup durýar.

Ýarymgeçiriji bazaryndaky ýetmezçiligiň artykmaçlyga öwrülen ýagdaýynda akylly telefonlar, planşetler, noutbuklar, akylly öý enjamlary we kompýuter ýaly önümleriň bahalary pese gaçmagy ähtimal. Ýarymgeçirijileriň artykmaç öndürilmegi bahalaryň kadalaşmagyna, hat-da pese gaçmagyna sebäp bolup biler.

Artykmaç üpjünçilik töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan kompaniýalar, çip önümçiligini ýokarlandyrmakda seresap bolmagy meýilleşdirýärler, bu bolsa ýarymgeçiriji bazarynyň kadaly ýagdaýa gelmek prosessini uzaldyp biler.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022